Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-Gürjüstan gepleşikleri gaýtadan başlanýar


Gürjüstan we Orsýet resmileri şu gün Ženewada duşuşyp, howpsuzlyk meseleri hakynda gaýtadan gepleşiklerine başlaýarlar. Uruşdan soňra şeýle gepleşikleriň 6-njysy alnyp barylýar.

Gepleşikler, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi we BMG-niň tagalallary bilen geçirilýär. Nobatdaky maslahata Abhaziýa we Günorta Ossetiýadan hem wekiller gatnaşýar.

Düýn ÝHHG-niň Gürjüstandaky misýasy tamamlandy. Orsýet bolsa şu hepde sebitde uly möçberde harby türgenleşik geçiryär.
XS
SM
MD
LG