Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran: Tussag edilenleriň köpüsi azat edildi


Ýekşenbe güni Eýranyň Içeri işler ministrligi Tähranda geçirilen soňky demonstrasiýalar wagtynda tussag edilen adamlardan aglabasynyň tussaglykdan azat edilendigini habar berdi.

Ministrligiň resmileri bu wakalarda ozalbaşda jemi 1032 adamyň tussag edilendigini we olardan üçden iki böleginiň eýýäm azatlyga goýberilendigini tassykladylar.

12-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň resmi yglan edilen netijelerine protest bildirilip gurnalan şol demonstrasiýalarda azyndan 20 töweregi adam ölüp, ýüzlerçe adamlar ýaralanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG