Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Urumçy şäherinde bidüzgünçilikler boldy


Hytaýyň demirgazyk –günbataryndaky Sinszýan awtonom raýonynda Ýekşenbe güni bidüzgünçilikler boldy. Pidalar bar.

Urumçy şäherinde köpçülikleýin tolgunyşyklarda 140 adam ölüp, ençeme adam ýaralandy. Demonstrasiýa gatnaşyjylaryň geçip barýanlara hüjüm edip, maşynlary otlandygyny, Hytaýyň Sinhua agentligi habar berýär. Polisiýa düzgün-tertibi ýola goýdy.

Hytaý häkimiýetleriniň beýannamasyna görä, bidüzgünçilikleri uýgur ekstremistleri gurnapdyr. Hytaýyň Uýgur etrabynda köpden bäri dartgynly ýagdaý höküm sürýär.

ABŞ-niň Döwlet departamentiniň dokladynda, bu etrapdaky etnik hem dini azlyklaryň hukuklaryny Hytaý häkimietleriniň köp bozýandygy aýdylýardy.
XS
SM
MD
LG