Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1995-nji ýylyň Srebrenise wakalaryna 14 ýyl dolýar


Şu gün, 1995-nji ýylda Srebrenisedäki musulmanlaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň 14-nji ýyl dönümi bellenilýär. Şol wakada Srebrenisede ýaşan erkek göbekli 8 müň musulman ýerli serbler tarapyndan atylyp öldürilipdi. Olaryň arasynda kämillige ýetmedik oglanlar hem bardy.

Horwatiýanyň hem-de Çernogorýanyň parlamentleri 11-nji iýuly Srebrenisedäky genosidiň pidalaryna bagyşlap matam güni diýip yglan etmek baradaky rezolusiýany kabul etdiler.

Bosniýa bilen Serbiýa bolsa bu güni entek resmi taýdan yglan etmediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG