Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisi geçirildi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “NABUCCO” ýaly proýektlere gatnaşmaga mümkinçiligiň dörändigini belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “NABUCCO” ýaly proýektlere gatnaşmaga mümkinçiligiň dörändigini belledi.

10-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisi geçirildi we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine, parlamentiň işine, milli hasabat komitetiniň işine üns berildi hem-de ýolbaşçylaryň işlerine garaldy.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleriniň erbet däldigini aýdyp, edilmeli işler we kemçilikler barada hem durup geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda harytlyk gazyň artykmaç möçberiniň emele gelendigini aýdyp, şu ýagdaýda “NABUCCO” ýaly proýektlere gatnaşmaga mümkinçiligiň dörändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda statistiki hasabatyň ýöredilşine nägilelik bildirip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin statistika boýunça Türkmenistanyň dowlet komitetiniň ýolbaşçysy Kakamyrat Mommadowy wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine Strategiki Planlaşdyryş we Ykdysady Öşüş institutynyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetiren Aşyrguly Gurbangulyýew bellenildi.

“Türkmengaz” dowlet konserniniň ýolbaşçysy Baýmyrat Hojamuhammedow, ýurduň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orynbasary wezipesine bellenildi. “Türkmengaz” dowlet konserniniň ýolbaşçysy wezipesine bolsa Döwlet Mommaýew bellenildi.

Täçberdi Tagyýew Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýan zawodunyň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

Derýaguly Muhammetgulyýew işde goýberen kemçilikleri sebäpli Demir ýol ministri wezipesinden boşadyldy. Bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde, öň ministriň orunbasary wezipesini eýelän Rozymyrat Seýitgulyýew bellendi.

Düýnki geçirlen mejlisde Türkmenistanyň welaýatlarynyň hem-de ýerli häkimiýetleriniň işlerine hem garaldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi Saparmyrat Aşyrow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy. Onuň ornuna Ahal welaýatynyň häkimi wezipesini eýelän Mämetnyýaz Nurmämmedow bellenildi. Ahal welaýatynyň häkimi wezipesi bolsa Daňmyrat Myratberdiýewe ynanyldy.

Prezident Berdimuhamedow kanun çykaryjy organy hökmünde parlamentiň alyp barýan işleriniň üstünde durup geçip, mejlisiň işiniň haýal alnyp barylýandygyny belledi hem-de ýurtda bazar ykdysadyýetini döretmäge, ýurduň maliýe, bank ulgamyny ösdürmäge zerur bolan kanunlaryň entek kabul edilmändigini nygtady.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň, Türkmenistanyň döwlet mediasyna beren maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG