Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl Hajyň italiýan işçisi azat edildi


Gyzyl hajyň italiýaly işgäri Filippinlerde Al-Kaida bilen iltewli musulman pitneçileri tarapyndan 6 aýa golaý zamun saklanansoň azat edildi. Resmiler 63 ýaşly Ýewgenio Wagniniň saglyk ýagdaýynyň gowy görünýändigini, ýöne onuň ýadawdygyny aýtdylar.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini Wagniniň azat edilmegi üçin pul tölenmändigini aýtdy. Wagni hem onuň iki kärdeşi ýanwar aýynda, Žolo adasynda ynsanperwerlik missiýasyny amala aşyrýarkalar Abu Saýýab jeňçileri tarapyndan ele salnypdy. Beýleki iki zamun aprel aýynda boşadyldy.

Abu Saýýab Filippinleriň günortasynda yslam döwletini gurmakçy bolýar we ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan terrorçy gurama diýip kesgitlendi.
XS
SM
MD
LG