Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NABUCCO proýekti boýunça hökümetara ylalaşyga gol goýlar


Şü gün türk ýolbaşçylary bilen Ýewropa Birleşigine girýän ýurtlaryň arasynda, NABUCCO turba proýekti boýunça hökümetara ylalaşyga gol goýulmagyna garaşylýar.

Bu turba Hazar deňziniňi we ýakyn gundogaryň gazyny Ýewropa akdyrmak arkaly, birligiň rus gazyna bolan mätäçligini azaltmagy maksat edinýär.

Mälim bolşuna görä, şu ýylyň başynda Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda gaz boýunça ýüze çykan dartgynlyk sebäpli, bu proýekte berlen üns barha artypdy.

Sebäbi bu dartgynlylyk Orsýetden Ýewropa akdyrylýan gazyň möçberine hem ýaramaz täsirini ýetiripdi.

Mälim bolşuna görä, turbanyň tranziti boýunça geçirilýän bu ýygnaga Türkiýe bilen bir hatarda, Bolgariýanyň, Ruminiýanyň, Wengriýanyň we Awstriýanyň wekilleri gatnaşarlar.

NABUCCO turbasy, ady agzalýan bu ähli ýurtlaryň territoriýasyndan geçer. Şeýle-de bu proýektde Germaniýanyň hem paýynyň bolmagyna garaşylýar.

Her ýyl 31 milliard kub meter gaz akdyrmagyna garaşylýan bu proýekte, Türkmenistan hem gaz ibermäge taýýardygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG