Hytaýyň Sinjaň welaýatynda bolan dartgynlyk bilen bagly düýn Türkiýäniň Ystambul şäherinde gurnalan proteste müňlerçe adamyň gatnaşanlygy aýdylýar.
Mälim bolşuna görä, Sinjaňda bolan şol wakalarda azyndan 184 adam heläk bolupdyr.
Sinjaňdaky dartgynlyk bilen bagly Ystambulyň Çaglaýan meýdanynda amala aşyrlan proteste azyndan 5 müň adamyň gatnaşanlygy aýdylýar.
Olar Türkiýäniň we 1930-nji ýyllarda gysga möhlet boýunça höküm eden Sinjaňdaky respublikanyň baýdagy bolan gök-ak reňkli baýdaklary göterip köçelere çykypdyrlar.
Mälim bolşuna görä, türkleriň Sinjaňda köpçülikde ýerleşýän uýgurlar bilen dil we medeni taýdan aragatnaşyklary bar.
Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Ärdogan, Sinjaňda bolan şol wakalary hatda köpçülikleýin gyrgynçylyk hereketi bilen hem baglanyşdyrypdy.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !