Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüzlerçe bosgun Päkistanyň Swat jülgesine dolandy


Päkistaniň harby sözçüsi Wasem Şahidiň aýtmagyna görä, düýn azyndan 900 maşgala Swatda hökümet tarapyndan dolanmaga rugsat edilen etraplara barypdyrlar.

Duşenbe güni bolsa regiona dolanan bosgunlaryň sany 650 maşgala bolupdyr. Päkistanyň hökümeti heniz hem lagerlerde ýaşaýan 200 000 töweregi bosgunyň öýlerine dolanmagyny isleýär.

Mälim bolşuna görä, bu ýaşaýjylar Päkistanyň harbylary bilen Talyp söweşijileriniň arasynda bolan çaknaşyk zerarly, etraby terk etmäge mejbur bolupdylar.

Häzirki döwürde Päkistanyň howpsuzlyk güýçleri Swatda Talyplaryň basylyp ýatyrylandygyny aýdyp, regiony terk edenler üçin etrapyň uly bölegine gaýdyp barmaga mümkinçiligiň dörändigini mälim edýärler.
XS
SM
MD
LG