Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pentagon 30-njy iýunda ýitirim bolan esgeriniň tutulandygyny tassyklady


Pentagon 30-njy iýunda ýitirim bolan esgeriniň tutulandygyny tassyklady. Bu barada beyannama, Talyplar wideo ýazgy görkezenden soňra ýayradyldy.

ABŞ-niň Owganystandaky harbysy geçen aý ýitirim bolan Amerikan esgeri barada wideo ýazgy görkezendigi üçin Talyplary yazgardy. Harby wekil kapitan
Jon Stok propaganda üçin esgeriň ulanylmagy, halkara kanunyny bozýar diýdi.

Pentagonyň maglumatyna görä, şol esger 24 ýaşly Bow Bergahl. Ol Paktika welaýatynda 30-njy iýunda ýitirim boldy. 28 minutlyk wideo ýazgyda şol esger çal eşik geýip, ýerde oturyp nahar iýýär.

Ony tutanlar iňlisçe interwýu etdi. Esger uruş,Yslam we amerikaly esgerleriň ahlagy barada pikirlerini aýtdy. Bergahl ýurduna gitmekden gorkýandygyny
hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG