Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Hindistan goranmak pakty boýunça ylalaşdylar


ABŞ we Hindistan goranmak pakty boýunça ylalaşdylar. Ol ABŞ-li kompaniýalaryň Günorta Aziýa ýurduna ýarag satmagyna rugsat eder.

Bu barada ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton Hindistana 3 günlik saparyny tamamlanda yglan etdi. Hindistan aglabasy Sowet arsenaly bolan ýaraglaryny täzelemek üçin ýakyn 3 ýylda 30 milliarddan gowrak dollar harçlar diýlip garaşylýar.

Düýnki metbugat konferensiýada, Amerikaly kompaniýalaryň asuda ilat üçin gurmakçy bolýan iki sany atom reaktorynyň ýerini Hindistanyň tassyklandygyny hem Hillari Klinton mälim etdi.
XS
SM
MD
LG