Düýn Tährandan gowşan habarlarda Eýranyň polisiýasynyň protestçiler bilen çaknyşandygy aýdyldy. Şol wakada reformaçylaryň tarapdary bolan ýüzlerçe protestçi geçen aýdaky dawaly prezidentlik saýlawlary bilen bagly köçä çykdylar.
Eýranyň Milli frontunyň ýokary derejeli agzasy Hamid Reza Hademiň Farda radiosyna aýtmagyna görä, azyndan 20 adam tutuldy. Protestçiler 12-nji iýundaky ses berişlikden soň ýygnanyşmak gadagan bolan Hafti Tir meýdançasyna ýygnandylar.