Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakdaky ähli söweşijilerini 2011-nji ýylyň ahyryna çenli çykarar


Düýn ABŞ-niň prezidenti Obamanyň aýtmagyna görä, Yrakda bidüzgünçiligiň dowam edýändigine garamazdan, ABŞ ozal planlaşdyrylyşy ýaly Yrakdaky ähli söweşijilerini 2011-nji ýylyň ahyryna çenli çykarar.

Obama Ak Tamda Yragyň premýer-ministri Maliki bilen birlikde metbugat konferensiýasyny geçirdi. Obama Yrakdaky goşunlaryny çykarmak bilen Amerika Yragyň halkyna borçlaryny berjaý edýär diýdi.

Obama we Maliki Owal ofisindäki duşuşygyndan soň žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler. Malikiniň sözlerine görä, olar Amerikanyň Yragyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmegi “mümkin bolan ugurlar” barada gürrüň etdiler.

Al Maliki Amerikaly söweşijiler bilen jebis işleşen Yragyň güyçleri gowy taýýarlykly diýdi. Ol Yrakda asudalygy wada berdi. ABŞ-na saparynyň dowamynda Maliki daşary ýurtly inwestorlaryň Yraga maýa goýmagyny täzeden ýola goymagy üçin hem iş alyp barar.
XS
SM
MD
LG