Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Sosial-demokratik partiýasy saýlawlardan nägile


Gyrgyzystanyň Sosial-demokratik partiýasynyň saýlaw topary Jalal-Abad regionynda, 29-njy iýun, 2009 ý.
Gyrgyzystanyň Sosial-demokratik partiýasynyň saýlaw topary Jalal-Abad regionynda, 29-njy iýun, 2009 ý.

Gyrgyzystanda 23-nji iýulda prezidentlik saýlawlary geçirildi. Saýlawlarda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Kurmanbek Bakiýewiň berlen sesleriň 76 prosenti töweregini gazanandygy yglan edildi. Bu hem onuň ikinji gezek ýurduň ýolbaşçylygyna saýlanandygyny aňladýar.

Gyrgyzystanda 23-nji iýulda prezidentlik saýlawlary geçirildi. Saýlawlarda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Kurmanbek Bakiýewiň berlen sesleriň 76 prosenti töweregini gazanandygy yglan edildi. Bu hem onuň ikinji gezek ýurduň ýolbaşçylygyna saýlanandygyny aňladýar.

Öňki premýer-ministr Almazbek Atambaýewiň sosiýal-demokratik partiýasynyň bolsa, bu ses berişlikde berilen sesleriň 8 prosenti töweregini gazanyp, ikinji orny eýeländigi aýan edildi.

Ýöne sosiýal-demokratlar bu saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilmejegini aýdyp, ses berlişlikden öň özleriniň bu çäreden çekilýändiklerini yglan edipdiler.

Bu ýagdaý bilen bagly, Sosiýal-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Bakyt Beşimow bilen Azatlyk radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Jenap Beşimow, Gyrgyzystanda geçirilen bu saýlawlaryň nämesi siziň göwnüňize jaý bolmady?

Bakyt Beşimow: Bu saýlawlarda uly bidüzgünçiliklere ýol berildi we munuň netijeleri aşa galplaşdyryldy. Şonuň üçin biz hapa, logika gabat gelmeýän we saýlaw diýlip atlandyrylan bu çärä gatnaşmazlyk kararyna geldik. Bu saýlaw däldi, bu göz boýagçylykdy.

Azatlyk radiosy: Saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýtmaga siziň eliňizde nähilidir bir anyk delil barmy?

Bakyt Beşimow: Biz saýlawlar komissiýasyna bu saýlawlarda goýberilen bidüzgünçilikler barada gaty kän maglumat tabşyrdyk. Biz bu dokumentler bilen Konstitusion sudyna we Ýokary suda-da ýüz tutduk. Olaryň ählisi biziň bu delillerimizi ret etdiler. Elbetde bu barada bizde delil köp.

Azatlyk radiosy: Bu nähili dokument, bu barada dolurak maglumat berip bilersiňizmi ?

Bakyt Beşimow: Birinjiden, biziň elimizde bir adamyň ençeme gezek ses berendigini görkezýän wideo ýazgysy bar. Biz bu ýazgyny merkezi saýlaw komissiýasyna tabşyrdyk.

Ikinjiden, biziň bir adamyň iki ýüz töweregi sesi göterip ýörendigi barada dokumentimiz bar. Biz şol adamdan bu dokumentleri nireden aldyň diýip soranymyzda, ol bize jogap berip bilmedi.

Üçünjiden, biziň elimizde bu ses berişligiň sagat 8-de däl-de, 6:30-da başlandygy barada ýörite dokumentimiz bar. Biziň synçylarymyz saýlaw otagyna baranda ençeme sesiň eýýäm berlendigine şaýat bolupdyrlar.

Bu, saýlawlaryň galplaşdyrylandygy barada diňe birnäçe mysaldyr. Emma munuň hetdi-hasaby ýok. Biziň kärdeşlerimiz ir sagat 11-de öz şikaýatlaryny sanawa aldyrmaga synanşypdyrlar. Emma bu iş olara başartmandyr. Munuň sebäbi saýlaw komissiýasynyň ýokardan aşa basyş astynda bolanlygydyr.

Azatlyk radiosy: Siz saýlawlardan öň şeýle bidüzgünçiliklere ýol beriljekdigini bilmeýärdiňizmi?

Bakyt Beşimow: Elbetde biz munuň galplaşdyryljakdygyny bilýärdik, emma biz bu ýagdaýa pozitiw garamaga çalyşdyk. Biz Gyrgyzystanyň hökümet ýolbaşçylaryndan saýlaw prosessiniň kämilleşdirilmegini talap etdik.

Muňa kepil hökmünde, biz Merkezi saýlaw komissiýasyndan öňki geçirilen saýlawlaryň dokumentleşdirilen netijelerini parlamente hödürlemegini talap etdik, emma olar muny kabul etmediler.

Mundan başga-da, biz olardan bu ses berişligiň adalatly we erkin geçjekdigine Gyrgyzystanyň halkyny ynandyrmagyny talap etdik. Emma olar bu barada beren wadalarynda hem tapylmadylar.

Azatlyk radiosy: Ýurtda siziň syýasatyňyzy goldaýanlaryň sany näçeräk bolmaly ?

Bakyt Beşimow: Men Gyrgyzystanyň ilatynyň ýarysy töwereginiň ýurtda pozitiw özgerişligiň bolmagyny isleýändigini aýdyp biljek. Olar ýurtda korrupsiýanyň azalmagyny, ýurtda has aç-açan jemgyýetiň döremegini we öz gündelik durmuşlarynyň gowulanmagyny isleýärler.

Sebäbi geçen iki ýylyň dowamynda ilat energiýa gytçylygyndan ejir çekdi. Şunlukda müňlerçe adam obalaryny terk etmäge mejbur boldular.

Halk şeýle ýagdaýda ýaşamakdan ýadady. Olar häzirki prezidentiň alyp barýan syýasatynyň hiç hili peýda bermändigine göz ýetirdiler. Şunlukda men ilatyň ýarysyndan gowuragynyň ýurtda pozitiw özgerişligiň bolmagyny isleýändigini aýdyp biljek. Bu ýagdaýa halkara edaralar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerinden hem göz ýetirmek mümkin.

Azatlyk radiosy: Häzirki ýagdaýda, siziň gürrüňini edýän bu özgerşikligiňizi nähili amala aşyryp bolar?

Bakyt Beşimow: Muny ilki bilen biziň jemgyýetimiziň progressiw bölegini birleşdirip, bu galplyga garşy köpçülikleýin protest gurnamak, we ikinjiden bolsa, gyrgyz ýolbaşçylaryna öz beren wadalarynda tapylmagy barada basyş etmek arkaly amala aşyryp bolar.

Emma meniň pikrimçe olar bu talaplary kabul etjege meňzemeýärler. Bu ýagdaý hem ýurtda aşa dinçi toparlaryň güýçlenmegine mümkinçilik döreder.
XS
SM
MD
LG