Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz polisiýasy protestçileriň öňüni baglady


Gyrgyz polisiýasy geçen hepde bolan prezident saýlawlarynda boldy diýilýän galplyga protest bildirip, paýtagt Bişkekde ýöriş geçirýän oppozisiýa goldawçylarynyň öňüni baglady.

Häkimiýetler protestçileriň 43-siniň tussag edilendigini tassykladylar. Ýöne oppozisiýa agzalarynyň käbiri tutulanlaryň has kändigini aýdýar.

Prezident Kurmanbek Bakiýew saýlawlarda 76 prosent ses alyp, ikinji möhlete prezident boldy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy öz synçylarynyň saýlawlarda köp bidüzgünçilige şaýat bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG