Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda 11 adam ýaragly topara azga bolmakda aýyplanýar


Düýn Özbegistanly ynsan hukuklaryny goraýjy “Inisiatiw topar” atly gurama yslamçy ýaragly topara degişlilikde güman bildirilýän 11 adamyň işi boýunça Özbegistanda sud diňlenişiginiň başlanandygyny habar berdi.

Bu ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň başlygy Surat Ikramow Tussag edilen 11 adama kanun tarapyndan gadagan edilen Özbegistanyň Yslam hereketine hem-de yslamçy “Jihäd Bileleşigi” guramasyna degişlilikde aýyplama bildirilýändigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, sud bu adamlary ýurduň raýatlaryny bikanun guramalara agzalyga çekmek hem-de döwlet howpsuzlygyna howp abandyrmak ýaly jenaýatçylyklarda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG