Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow telefon gürrüňdeşliginde Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowy şu ýylyň ahyrynda planlaşdyrylýan türkmen-hytaý gaz truboprowodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaklyga çagyrypdyr.
Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, şeýle hem bu telefon gürrüňdeşliginde prezident Berdimuhamedow özbek prezidentini ýakyn günlerde bellenilip geçilzhek Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 18 ýyllygy bilen-de gutlapdyr.
Maglumatda prezident Yslam Karimowyň Özbegistanyň üstünden geçýän bu türkmen-hytaý gaz truboprowodyna iki goňşy ýurduň dostlugynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň aýdyň simwoly hökmünde baha berendigi aýdylýar. Ýöne Türkmenistanyň resmi maglumatynda prezident Berdimuhamedowyň türkmen-hytaý gaz truboprowodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak barada özbek prezidentine eden çakylygyny prezident Yslam Karimowyň kabul edip etmändigi barada welin hiç zat aýdylmaýar.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!