«Türkmenistan.Ru» internet gazýetiniň maglumatyna görä, «Hazar sähralygy-2009» ady bilen geçirilýän halkara awto-ralli ýaryşyna türkmenistanly maşyn sürüjileriň komandasy hem gatnaşar.
Orsýetiň Wolgograd hem-de Astrahan oblastynda 5-8-nji awgust aralygynda geçýän bu awto-ralli ýaryşyna Orsýetden, Latwiýadan, Gazagystandan we Ukrainadan hem jemi elli toweregi sportsmen gatnaşýar.
Awto bäsleşigiň geçjek ýolunyň umumy uzynlygy 1000 kilometr töweregi bolar. Bu awto-ralliniň yzy bilen, şu ýylyň sentýabr' aýynda «Ýüpek ýoly-2009» ady bilen ýene-de bir halkara awto-ralli bäsleşigi geçiriler. Ol bolsa Orsýetiň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň ýolsuz-ýodasyz territoriýalaryndan geçer.