Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington: Owganystanda pozitiw özgerişler bar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak departamentiniň maglumatyna görä, prezidentlik we welaýat geňeşlikleri boýunça saýlawlar geçirilmezden öň Owganystanda höweslendiriji alamatlara şaýat bolunýar.

Ady agzalýan departamentiň metbugat wekili Geoff Morrel, NATO güýçleriniň halk arasynda olaryň ses berişlige arkaýyn gatnaşyp biljekdigi barada ynam döretmek üçin howpsuzlyk çärelerini güýçlendirenligini mälim etdi.

Ol aýratynam 4 million töweregi raýatyň bu saylawlara gatnaşmak üçin adyny sanawa ýazdyranlygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde Talyp toparlary hem Waşington tarapyndan goldanylýan Hamid Karzainiň hökümetine we bu ýurtda ýerleşýän 100 müň töweregi daşary ýurtly harbylara garşy hüjümlerini ýygjamlaşdyrdy.

Habarlardan mälim bolşuna görä, 2001-nji ýylda Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky harbylar tarapyndan bu ýurda çozulaly bäri dartgynlyk häzirki döwürde iň ýokary derejä ýetipdir.
XS
SM
MD
LG