Şol çaknyşyk bilen bagly şu ýylyň 7-nji awgustynda Gürjüstan bilen bir hatarda bu ýurtdan bölünen Günorta Osetiýa bilen Abhaziýada hem dürli ýygnaklar gurnaldy.
Wladikawkazda geçirilen ýygnaga Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem gatnaşdy. Ol Moskwanyň bu barada kabul eden kararynyň ýerlikli bir ädim bolanlygyny aýdyp, şol urşa gatnaşan käbir rus esgerlerine sylag gowşurdy.
Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili hem Gürjüstanda geçirilen ýygnaklardan birinde eden çykyşynda Orsýetiň şol çaknyşykdan soň diplomatik taýdan uly ýeňlişe uçranlygyny öňe sürdi.
Bu barada Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir Kawkaz regiony boýunça Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň eksperti Liz Fuller bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk radiosy: Günorta Osetiýa barada gürrüňe başlasak, bu dartgynlylyk haçan başlady we onuň esasy sebäpleri nämeden ybarat?
Liz Fuller: Bu soraga jogap bermek üçin biziň taryha ser salmagymyz gerek. Häzirki döwürde Gürjüstan diylip atlandyrylýan ýurt 17-nji, 18-nji we 19-njy asyryň başlaryna çenli ençeme hanlyklardan ybarat bir regiondy. Olar ýer, mal we emläk üçin mydama bir-biri bilen çaknyşardylar. Şol hanlyklardan biri hem häzirki Günorta Osetiýadyr.
Haçanda Gürjüstan Sowet Soýuzynyň bir bölegi diýlip yglan edilende, Stalin Gürjüstanyň demirgazygynda ýerleşýän Günorta Osetiýa awtonom statusyny berdi. Şol karta gaty çylşyrymlydy, sebäbi Ol osetinleri hem ikä böldi, olardan biri Orsýetiň çäginde galdy beýlekisi bolsa, Günorta Osetiýa awtonom respublikasy hökmünde Gürjüstana degişli edildi.
Osetinler dil we etniki taýdan gürjülerden gaty tapawutly bir milletdir. Eger bu dartgynlylygyň başlamagynyň soňky tapgyry barada gürrüň etsek, munuň aňyrsynda ýatan sebäp Gürjüstanyň bu ýurtda ýaşaýan ähli etniki toparlar barada alyp barýan ýalňyş syýasatydyr. Meniň pikirimçe, Andreý Saharow Gürjüstany Sowet Soýuzynyň çäginde ýerleşýän kiçi patyşalyk diýip häsiýetlendiripdi. Şunlukda Sowet Soýuzy darganda, diňe osetinler däl, Abhazlar-da öz hak-hukuklarynyň kemsidilmeginiň mümkindigini pikir edip, howsala galdylar.
Eger ýadyňyzda bolsa, 1990-njy ýylda Sahodiýa Gürjüstanyň postsowet ýokary sowetiniň ilkinji ýolbaşçysy edilip saýlananda, onuň amala aşyran ilkinji işi Günorta Osetiýanyň awtonom statusyny ýatyrmak bolupdy.
Bu karar regionda dartgynlylygyň möwjemegine getiripdi, şol dartgynlykda ýüzlerçe adamyň ölenligi çak edilýär. Bu çaknyşyk 1992-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, gaýtadan başlandy. Şol döwürde Gürjüstanda näbelli ýagdaý höküm sürýärdi, soňra Gürjüstanda Şewardnadze häkimiýet başyna geçip, Ýeltsin bilen ylalaşyga gol goýdy. Şoňa görä, häzirki döwürde ÝHHG diýlip tanalýän gurama şol regiona parahatçylygy goraýjy missiýasyny iberdi.
1992-nji ýyldan soňra tä Gürjüstanda Saakaşwili häkimiýet başyna geçýänçä, regionda ýagdaý dartgynly bolsa-da, durnuklylyk höküm sürdi. Şol bir wagtyň özünde-de şol regionlara nähili status berilmeli diýlen mesele barada hem hiç haçan aç-açan gürrüň edilmedi.
Soňra Saakaşwili häkimiýet başyna geçende, ol Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany tutuşlygyna Gürjüstanyň kontrollygyna almaga synanyşdy. Ol bu işi häkimiýet başyna geçmeginiň yz ýany bilen güýç arkaly amala aşyrmaga synandy. Emma ol başa barmady. Şol wakadan bäri bu dartgynlylyk gün saýyn artdy.
Beýleki bir tarapdan Orsýetiň ýolbaşçylary hem Saakaşwiliniň Günbataryň tarapyny tutýanlygy sebäpli onuň alyp barýan syýasatyny halamaýardylar. Şunlukda olar gürji lideriniň haýsydyr bir ýalňyşlyk goýbermegine garaşýardylar. Saakaşwili hem 2008-nji ýylyň awgustynda Günorta Osetiýa çozmak arkaly bu ýalňyşlygy goýberdi.
Azatlyk radiosy: Dogry, Saakaşwiliniň ýalňyşlyk goýberen bolmagy mümkin, emma munuň Orsýete näme dahyly bar, Moskwanyň bu konflikte goşulmaga näme haky bar?
Liz Fuller: Orsýetiň bu dartgynlylyga goşulmagynyň bir sebäbi, osetinleri ikä bölünen bir millet hökmünde ykrar etmegi we olaryň ýarysynyň Günorta Osetiýada beýleki ýarysynyň-da Orsýetde ýerleşýänliginiň faktdyr.
Bu iki regionyň birleşdirilmegi barada Demirgazyk Osetiýada hereket edýän gaty güýçli guramalar bar. Olar Gürjüstana degişli diýlip ykrar edilen Günorta Osetiýany öz topraklaryna goşjakdyklaryny açyk aýtmasalar-da, bu hereketleriň esasy maksady şudur. Munuň üstesine-de, Kosowa meselesi hem ýüze çykdy, bu ugurda Orsýetiň eýelän syýasatyna hemmämiz şaýat bolduk, hatda Kosowanyň garaşsylygy meselesi ýüze çykmasa-da, Osetiýa meselesi boýunça konfliktiň döremegi mümkindi. Sebäbi bu ot bir gün bolmasa, beýleki gün tutaşmalydy.
Şol bir wagtyň özünde-de Orsýet Saakaşwilä garşy basyşy artdyrmaga mümkinçilik berjek, ony kemsidip biljek pursatyň gözlegindedi. Gürji harbylarynyň 2008-nji ýylda Günorta Osetiýa girmegi Moskwa üçin örän amatly bir pursat döretdi.
Orsýetiň bu meselä goşulmagynyň ýene bir sebäbi-de, Günorta Osetiýa-da ýaşaýan adamlara Orsýetiň mundan 6-7 ýyl öň öz pasportyny berip başlamagydyr. Onsoň bu ýagdaý “Biz öz raýatlarymyzy goramaly” diýip, Medwedewiň Günorta Osetiýa harby goşun ibermegine bahana boldy.
Azatlyk radiosy: Halkara derejede Gürjüstanyň territoriýasy diýlip ykrar edilse-de, bu regionlar soňky 15 ýyl bäri Tblisiniň kontrollygynda däl, olaryň Gürjüstanyň nukdaýnazaryndan ähmiýeti nämede? Ýagny olar Tbilisä nämä gerek?
Liz Fuller: Bu belli bir derejede halkara abraý bilen bagly mesele. Ýagny hiç bir ýurt öz topragynyň bir bölegini başga bir ýurda bermek islemez. Mundan başga-da, ÝHHG-nyň esasy gurluş maddalarynyň biri – bu gurama agza ýurtlaryň serhetleriniň üýtgewsizligidir. Diýmek, islese-islemese-de, Günorta Osetiýa, halkara kanunlara görä, Gürjüstanyň bir bölegidir.
Bu daglyk region bolup, ol ykdysady taýdan gaty garyp. Munuň üstesine osetinler gürjüleri halamaýarlar. Şunlukda bu regionyň gürjüler üçin hem peýdadan zyýany köp, emma her niçik hem bolsa, bu kanuny taýdan Tblisiniň bir bölegidir. Onuň üçin gürjüler bu regionyň özlerine gaýdyp berilmegini isleýärler.
Azatlyk radiosy: Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilse-edilmese-de, Günorta Osetiýa özüniň garaşsyz ýurtdugyny aýdýar, mundan beýläk bu regionda nämelere garaşyp bolar?
Liz Fuller: Regionyň prezidenti özleriniň garaşsyz bir ýurtdugyny aýdýar, ýöneký halkyň näme pikir edýänligini bilmek gaty kyn. Meniň pikirimçe, halk arasynda Günorta Osetiýanyň ýolbaşçylaryna garşy gahar-gazap aşa güýçli, munuň sebäbi Gürjüstan bilen bolan çaknyşykdan soň, Moskwa şol uruşda weýran bolan öýleri gaýtadan gurmaga ýardam etjekdigini aýdypdy. Emma pul berilse-de, ondan halka peýda bolmady. Netijede halk öz ýolbaşçylaryna bolan ynamyny ýitirdi.
Şu mahala çenli bu barada uly protest gurnalmady, eger olaryň ýkdysady ýagdaýlary gowylaşmasa, şeýle-de regiony gaýtadan gurmak barada edilen kömegi ýurt ýolbaşçylarynyň öz aralarynda paýlaşylýanlygy baradaky pikir halk arasynda dowam etse, bu nägileligiň dartgynlyga öwrülmegi mümkindir.
Azatlyk radiosy: Olaryň bir gün hakykatdan hem garaşsyz bir ýurt hökmünde halkara jemgyýetçiliginiň arasyna goşulmagy mümkinmi?
Liz Fuller: Haçanda Medwedew Günorta Osetiýa bilen Abhaziýany garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar edýänligini yglan edende, olaryň bir-biriniň kopiýasy boljakdygyny aýdanlar peýda bolupdy.
Emma hakykatda olar biri birinden gaty tapawutly toparlar we regionlardyr. Abhaziýa bilen deňeşdirilende, Günorta Osetiýa ýerleşýän regiony boýunça kiçi, şeýle-de daglyk hem ýerasty baýlyklara garyp toprak. Dogrusy, men garaşsyz ýurt hökmünde Günorta Osetiýanyň uzagyndan özüni nähili eklejekdigini hem göz öňüne getirip bilemok.
Azatlyk radiosy: Häzirki döwürde bu dartgynlylyk köşeşen ýaly bolup görünýär, howpsuzlyk taýdan bu regionyň geljegi barada siz nähili pikirde?
Liz Fuller: Men ýakyn geljekde çaknyşyk gaýtadan başlar öýdemok. Halkara ykdysady krizis, şeýle-de dünýädäki häzirki syýasay ýagdaýlar sebäpli täze bir çaknyşyga başlamagyň Orsýet üçin hem peýdaly boljakdygyny çak edemok. Esasy sorag Saakaşwili bilen baglydyr, eýse oňa täze bir çaknyşyk gerekmi?
Meniň pikirimçe, haçanda täze bir dartgynlylyk emele gelse, munuň Saakaşwili tarapyndan başlanmagy mümkin, Orsýet bilen Gürjüstandan başga bu çaknyşyga goşulan topar ýok.
Ýewropa Bileleşigi bilen ABŞ-y Kawkazda, şeýle-de Gürjüstanda çaknyşygyň bolmagyny asla islemeýärler. Beýle dartgynlygyň döremegi hiç kimiň bähbidine däl.
Azatlyk radiosy: Onda bu regionyň geljegi şeýle anyk däl ýagdaýda galmagyny dowam etdirermi?
Liz Fuller: Bu dartgynlyk geçen ýyl tomusa çenli doňup durdy, soňra birden çaknyşyk başlady, häzirki döwürde ýagdaý ýene doňup galdy. Meniň pikirimçe, regionyň häzirki howpsuzlyk ýagdayý o diýen öwerlikli däl, emma bu ýagdaý iki-üç ýyllap şeýle dowam etse gerek.
Azatlyk radiosy: Iki-üç ýyldan soňra näme bolmagyna garaşylýar?
Liz Fuller: Eger Saakaşwili 2013-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galmagy başarsa, şondan soňra geçiriljek saýlawlarda gürjüler kimi saýlarlar, bu soragyň jogaby şu meselä bagly.
Şol bir wagtyň özünde 2013-nji ýyla çenli Orsýet Gürjüstanda nähili syýasat alyp barar? Ol Saakaşwiliniň ornuny eýelejek bir kandidaty häkimiýet başyna getirmegi başararmy? Ýogsa, Gürjüstanda ýene Günbatary goldaýan bir lider häkimiýet başyna geçermi?
Meniň bu barada öňünden çak urasym gelenok, Kawkazda her haçan her zadyň bolmagyna garaşsa bolar.