Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Abhaziýa bardy. Bu onuň Gürjüstanyň separatist regionyna Moskwanyň ony özbaşdak ýurt hökmünde ykrar edeli bäri birinji saparydyr.
Rus metbugaty onuň ýerli liderler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk we beýleki meseleler barada maslahat etjekdigini aýdýar.
Putin düýn Abhaziýanyň goragyny güýçlendirmek üçin ýarym millard dollardan gowrak serişde beriljekdigini aýtdy.
Orsýet geçen ýylyň awgust aýynda Gürjüstan bilen bolan 5 günlük uruşdan soň Abhaziýany hem-de Günorta Osetiýany özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edipdi.
Putin düýnki eden çykyşynda Gürjüstan şol uruşdan sapak almalydyr diýdi. Orsýet Gürjüstanyň bölüniji regionlaryna müňlerçe esgerini we ençeme harby bazalaryny ýerleşdirdi.