Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Minska bardy


Şu gün ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Minska bardy. ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça kömekçisi Filip Gordon Belarusyň paýtagtyna bolan bir günlük saparynyň dowamynda ýokary derejeli hökümet agzalary we oppozisiýa liderleri bilen duşuşar.

Saparynyň öňüsyrasynda, Gordon eger Belarus ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isleýän bolsa, oppozisiýa aktiwistlerine, metbugata we hökümete degişli bolmadyk guramalara has köp azatlyk bermeli diýip belledi.

ABŞ we ÝB awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkany garşydaşlaryny türmä basmakda, erkin mediany gysmakda we üçünji möhlete saýlanmagyny galplaşdyrmakda günäkärläp gelýärdiler.
XS
SM
MD
LG