Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň prezidenti Tährana bardy


Eýranyň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Siriýanyň prezidenti Başar-ul-Asad Tährana barypdyr. Ol Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejady bu ýurduň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlanmagy bilen gutlamak üçin Tährana sapar edýär diýlip habar berilýär.

Asad, aýratynam Eýranda geçirilen saýlawlardan soňra tussag edilen adamlaryň arasynda suda çekilýän fransiýaly alym Klotilde Reýsiň göýberilmegi üçin hem tagalla eder.

Reýs geçen hepde girew bilen türmeden boşadyldy, emma Eýranyň sud ýolbaşçylary onuň ýurdy terk etmegine rugsat bermeýärler.

Şol protestler bilen bagly Fransiýanyň Tährandaky ilçihanasynyň tussag edilen Eýran asylly işgärleriniň boşadylmagy barada Siriýanyň bitiren işi boýunça, geçen hepde Pariž Damaksa minnetdarlygyny bildiripdi.
XS
SM
MD
LG