Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda bolan çaknyşykda Talyp toparynyň 3 agzasy öldürildi


Owganystanyň paýtagty Kabulda ýerleşýän bir bankda, Talyp toparynyň agzalary bilen bu ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan atyşygyň 3 gozgalaňyçynyň öldürilmegi bilen tamamlananlygy aýdylýar.

Owganystanyň polisiýa güýçleriniň jenaýaty derňeýän departamentiniň ýolbaşçysy Abdul Kaffar Seýedzadanyň habarçylara beren maglumatyna görä, bina häzir hökümet güýçleriniň gözegçiliginde.

Mundan öň, Talyplar bu toparyň bäş agzasynyň şol binany gabap alanlygyny aýdypdy. Mälim bolşuna görä, bu geçen 5 güniň dowamynda paýtagt Kabulda bolan şunuň ýaly üçünji uly hüjümdir.

Talyplar 20-nji awgustda prezidentlik we welaýat geňeşlikleri boýunça geçiriljek saylawlara päsgelçilik döretjekdiklerini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG