Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikanlar Şotlandiýanyň kararyna nägile


Kompensasiýa tölegi şerti bilen Libiýanyň razwedkasynyň ozalky ofiseriniň türmeden boşadylmagy hakyndaky Şotlandiýanyň kararyna Amerikanlar ýiti nägilelik bildirdiler.

Liwiýaly Adel Baset al Megrahi, 1988-nji ýylda Amerikanyň howa ýollaryna degişli uçary Şotlandiýanyň howa giňişliginde partladanlykda günä bildirilip azatlykdan mahrum edilipdi.

Şol pajygada aglabasy amerikaly 270 adam heläk bolupdy. Amerikalylar, köpçülikleýin gyrgynçylyk eden adamynyň türmeden boşadylmaly däldigini aýdýarlar.

Prezident Obama, Şotlandiýa hökümeti bilen bu meseläniň maslahat edilendigini hem bu kararyň ýalňyşdygyny aýtdy:

Al Megrahi düýn Libiýa dolanyp bardy.
XS
SM
MD
LG