Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli delegasiýasy Seula bardy


Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Kim Dae Jungyň ölümi bilen bagly geçirilýän yasa gatnaşmak üçin Demirgazyk Koreýadan ýokary derejeli delegasiýa Seula bardy.

Ýokary derejeli iki resmi bilen bir hatarda 6 adamdan ybarat bolan bu delegasiýa, gün şöhlesi diýlip atlandyrylan we Demirgazyk Koreýa ýardym etmek we onuň bilen aragatnaşyk gurmak üçin Kim Dae Jungyň eden tagallasynyň hatyrasyna Seula barypdyr.

Ol, 2000-nji ýylda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong II-iň gatnaşmagynda parahatçylyk boýunça geçirilen ýygnaga gatnaşanlygy üçin Nobel baýragyna mynasyp bolupdy.

Gunorta Koreýanyň öňki prezidenti Kim Dae Jung sişenbe güni 75 ýaşynda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG