Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda, esasan-da Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentlere okuwlaryny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykyp gitmeklerini häkimiýetleriň gadagan edendigi habar berildi.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili William B.Stiwensiň, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtmagyna görä, ilçihana ýagdaýy ýakyndan yzarlap, studentleriň okaýan ýurtlaryna sapar etmek meselesiniň çözülmegi ugrunda elde baryny edip gelýär.
Türkmen-amerikan okuw programmasy esasynda okaýan studentleriň öz okuwlaryny dowam etdirmekleri üçin özlerine düşýän işiň hem ýerine ýetiriljekdigini amerikan diplomaty sözüne goşdy.
Türkmenistanyň dürli jogapkär resmilerinden şeýle-de bilim ministrliginden studentleriň ene-atalary bilen göni gatnaşyk saklanýandygy hakynda özlerine käbir jogabyň gelip gowşandygyny, ýöne bu gatnaşyklaryň ilçihana arkalary alnyp barylmaýandygyny diplomat belledi.