Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şirin Ebadi Eýrandaky sud diňlenişiklerini ýazgardy


South Korea - Shirin Ebadi, Iranian lawyer, at a breakfast meeting hosted by the Korean Bar Association in Seoul, 10Aug2009
South Korea - Shirin Ebadi, Iranian lawyer, at a breakfast meeting hosted by the Korean Bar Association in Seoul, 10Aug2009

Eýranly Nobel baýragynyň eýesi hem-de tanymal aklawjy Şirin Ebadi, Eýranda iýun aýynda bolup geçen prezidentlik saýlawlaryndan soňky protestlere gatnaşanlaryň sud edilmegi boýunça diňlenişikleri ýazgardy. Onuň bilen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Habarlar Merkeziniň žurnalisti Golnaz Esfandiary söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Eýranda şu hepdede ençeme görnükli reformaçylaryň we intelligensiýa wekilleriniň sud edilmegi boýunça dördünji diňlenişik geçirildi. Siz şol diňlenişiklere üns bilen syn etdiňiz. Sud nä derejede Eýranyň kanunlaryna laýyklykda geçirilýär?

Şirin Ebadi: “Sud prosesi, Yslam respublikasynyň kanunlary nukdaýnazaryndan düýpden bikanun, bu suduň geçirilişine, derňewlere we tutha-tutluklara degişli. Biz sud prosesini, adalatyň ýaňsylanmagy hökmünde kabul edýäris. Suduň köpçülik üçin açyk boljagy yglan edilipdi, emma oňa hatda maşgala agzalary-da gatnaşdyrylmaýar. Suduň adalaty boljagyna garaşylypdy, emma gaty köp meseleleriň üsti açylman galýar. Adalaty ýaňsylaýjy we göz üçin geçirilýän bu sud diňlenişikleriň hem eýran halky hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilmeýänligini aýdyp bolar. Olar öz-özlerine şübhe döredýärler we bizi alada goýýarlar”.

Azatlyk radiosy: Sud edilýänlere ýöňkelýän günäler tussag edilenleriň günäni öz boýnuna alyp eden beýannamalaryna esaslanýana meňzeýär. Emma iki aýdan gowrak wagt bäri türmede saklanylýan adamlaryň şol beýannamalaryny subutnama hökmünde kabul etmek mümkinmi, olaryň kanun taýdan nähili güýji bar?

Şirin Ebadi: “Türmede saklanýan we aklawçy bilen duşuşmakdan, şeýle-de Eýranyň hem kanunlarynda berkidilen beýleki hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçiliginden mahrum edilen adamyň öz-özüni aýyplamasynyñ uly bir kanuny güýji ýok. Üstesine yslam we günbatar kanunlary tarapyndan ykrar edilen ýene bir prinsip bar, oňa görä, adamyň günäni boýun almagy ýeke-täk subutnama hökmünde kabul edilip bilinmeýär. Emma adam muny aýratyn ýagdaýda edýän bolsa, ol sud edilip bilner. Ýöne bu şonda-da ýeterlik däl”.

Azatlyk radiosy: Ýakynda sud edilen tanymal şahslaryň biri reformaçy Saeýed Hajarian ysmaz halda bolup, onuň maşgala azalarynyň sözlerine görä, hatda öz-özüne meňzemändi. Ol özüniň öňe süren pikirleriniň nätakyk bolanlygyny aýdyp, ötünç sorapdy.

Şirin Ebadi: Saeýed Hajarian Yslam Respublikasyna 30 ýyllap gulluk edipdi. Onuň saglyk taýdan ukypsyzlygy sebäpli oňa derek ýazylan zatlary hatda okap hem bilmänligi ýurduň kanun sistemasynyň korrumpirlenendigini görkezdi. Şeýle boýun almalary hasaba alan her bir sudýa üstünlik gazanmaz we özüne şübhe döreder”.

Azatlyk radiosy: Reformaçylaryň häzirki sud prosesinde berjaý edilmedik emma kanuna görä berjaý edilmeli şertler nämeden ybarat?

Şirin Ebadi: “Sud prosesi köpçülik üçin açyk bolmaly. Diňe jyns taýdan zorluklara degişli wakalar ýapyk gapylaryñ aňyrsynda geçirilip bilner. Emma başga işlerde, şol sanda aýdaly ýakynky saýlawlar bilen bagly syýasy problemalara degişli ýagdaýlarda sud prosesiniň ýapyk gapylaryñ aňyrsynda geçirilmegine hiç hili esas ýok. Suduň köpçülik üçin açyk boljagy barada berlen wadalar ýerine ýetirilmedi, hatda aklawçylara-da suda syn etmäge rugsat berilmedi. Hajarianyň gyzynyň sözlerine görä, ol prokuroryň dosty bolan öz aklawçysyny çalyşmaga mejbur bolupdy. Ýene bir problema aklawçylaryň öz müşderilerini sudda goramagyna degişli. Ýagny aklawçylar goramaly adamlaryna ýöňkelýän günä bilen razylaşýandyklaryny görkezdiler we ötünç hem olaryň günäsiniň geçilmegini soradylar. Olaryň hiç biri suduň öňe sürýän aýyplamalarynyň hiç biriniň jenaýat diýlip baha berilmegine garşy çykyş etmedi” diýip, Şirin Ebadi aýtdy.
XS
SM
MD
LG