Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda iki amerikan we iki britan esgeri öldi


Owganystanda duşenbe güni bolan bomba partlamalarynda iki britan we iki amerikan esgeri wepat boldy.

Awgust aýy Owganystandaky amerikan goşunlary üçin iň kän ýitgili aý boldy. Bu aýda 47 esger wepat boldy.

Soňky ölüm habarlary Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky goşunlarynyň komandiri, general Stanleý MakKristalyň owgan urşy baradaky strategiki synyny Pentagona we NATO-nyň baş edarasyna iberen wagtyna gabat geldi.
Makkristal Owganystandaky ýagdaýyň çynlakaýdygyny, ýöne strategiýa täzelense, bu ýerde üstünlik gazanyp boljakdygyny aýtdy.

Ol goşmaça esger soramady, ýöne NATO resmileri onuň birki hepdeden goşmaça esger sorajagyny çak edýärler.
XS
SM
MD
LG