Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen lideri hukuk goraýjyny suda berýär


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow Orsýetiň “Memorial” hukuk goraýjy toparynyň başlygynyň üstünden suda şikaýat etdi.

Ol onuň özüne ýetirilen zyýan üçin 316 müňden gowrak dollar möçberinde töleg tölemegini isleýär.

“Memorial” Nataliýa Estemirowanyň işlän toparydyr, ol 15-nji iýulda öldürildi. “Memorialyň” başlygy Oleg Orlow bu hadysa barada ýaýradan beýanatynda Estemirowanyň ölümini Kadyrowdan görýändigini aýdypdy.

Kadyrowyň aklawçysy Andreý Krasnenko Moskwa sudunda öz müşderisiniň “Memorialyň” aýyplamasyny gaýdyp almagyny we Orlowyň ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyny isleýändigini aýtdy. Orlowyň aklawçysy Genri Reznik öz müşderisiniň diňe pikirini aýdandygyny we munuň üçin ony suda bermegiň söz azatlygyna hüjüm etmekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG