Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe bilen Ermenistan diplomatik gatnaşyk gurýar


Türkiýe bilen Ermenistan uzaga çeken duşmançylykdan rüstem çykyp, taryhda ilkinji gezek diplomatiki gatnaşyk gurmak barada ylalaşyga geldi.

Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Burak Ozigergin habar berdi. Bu iki halk 20-nji asyryň başlaryndan bäri bir-birine gyýa bakyp gelýär. Ermenistan we başga bir topar ýurt Osman imperiýasy 1-nji jahan urşundan soň 1.5 million çemesi ermenini gyrdy diýýär.

Türkiýe 1991-nji ýylda Ermenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biri boldy. Ýöne bu iki ýurt hiç wagt diplomatiki gatnaşyk gurmady we olaryň bilelikdäki serheti 1993-nji ýyldan bäri ýapyk dur. Ermenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleri diplomatiki gatnaşyklary gurmak boýunça syýasy konsultasiýalara Şweýsar resmileriniň araçylyk etjegini we bu işiň 6 hepde çemesi wagt aljagyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG