Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW studentleriň syýahat gadaganlygynyň ýatyrylmagyna çagyrýar


Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasy türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlaryň hususy okuw jaýlarynda okaýan studentlere girizen syýahat gadaganlygyny derhal ýatyrmalydygyny aýtdy.

Adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän gurama Türkmenistan daşary ýurtlarda okamak üçin girizilen täze we hupbatly talaplary ýatyrmalydyr, sebäbi olar hereket we bilim almak azatlygyna ters gelýär diýdi.

“Bular ýaly eden-etdilikli syýahat çäklendirmeleri Türkmenistanyň hökümetiniň neneňsi repressiwdigine täze delildir we bu biynjalyk edýär” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Türkmenistan boýunça synçysy Mariýa Lisisyna guramanyň 31-nji awgustda ýaýradan beýanatynda aýdýar.


XS
SM
MD
LG