Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň polat läheňi 1 milliard dollar ýitirdi


Orsýetiň polat läheňi Ýewraz 2009-njy ýylyň birinji ýarymynda 1 milliard dollar ýitgi çekendigini aýtdy. Ýewrazyň baştutany Aleksandr Frolowyň beýanatynda dowam edýän ykdysady çökgünlik “Ýewraz üçin-de, umuman global polat senagaty üçin-de synag wagty boldy” diýilýär.

Frolow öz kampaniýasynyň gelýän ýarym ýylda has tijenjegini aýtdy. Orsýet dünýädäki dördünji uly polat öndürijidir.
XS
SM
MD
LG