Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşunlar Owganystany durnuksyz halda terk etmez


Fransiýanyň Daşary işler ministri Bernard Kuşner günbatar goşunlary Owganystany bu sebitde howpsuzlyk gazanylýança terk edip bilmez diýdi.

Kuşner Parižde Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Riçard Holbruk we ýene 25 ýurtdan hem guramadan gelen kärdeşleri bilen maslahat edenden soň çykyp gürledi.

Olar Parižde Owganystanda geçen perzident saýlawlarynyň jemleri barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG