Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Saud Arabystanyna çagyryş edýär


“Human Rights Watch” soňky döwürde din, bilim, adalat, iş meselelerinde uçran kemsidilmeleri dokumentleşdirlipdir.
“Human Rights Watch” soňky döwürde din, bilim, adalat, iş meselelerinde uçran kemsidilmeleri dokumentleşdirlipdir.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hukuk goraýjy topar Saud Arabystanynda sünnüler bilen şaýylaryň arasyndaky dartgynlygyň öňki ýyllara garanda, has ýitileşendigini, muňa döwletiň yzygiderli kemsitmesiniň sebäp bolýandygyny aýdýar. “Human Rights Watch” guramasynyň 3-nji awgustda ýaýradan 32 sahypalyk hasabatynda şaýylaryň soňky döwürde din, bilim, adalat, iş meselelerinde uçran kemsidilmeleri dokumentleşdirlipdir.

“Human Rights Watch” guramasy saud häkimiýetleriniň şaýy musulmanlaryna patşalygyň deň raýatlary hökmünde çemeleşmäge başlamagy gerek diýýär. Döwlete degişli däl guramanyň çap eden täze hasabatynda saud şaýylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan dini ýanamalary, bilim, adalat we iş babatdaky kemsidilmeleri dokumentleşdirilip, olar “sistematiki döwlet kemsitmeleri” diýlip atlandyrylypdyr.

“Human Rights Watchyñ” sözçüsi Rid Brodi şaýylara çemeleşilişi Saud Arabystanynda mezheb dartgynlylygyny ýitileşdirdi we sünnüler bilen şaýylaryň arasyndaky gatnaşygy azaldyp, soňky onýyllyklarda iň ýaramaz derejä düşürdi diýýär. “Biz saud ilatynyň 10-15 prosente golaýyny düzýän şaýy azlygy babatdaky çydamsyzlygyň artýandygyny görýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Brodi bu problemanyň saud hökümetiniň Wahhabi teologiýasyna esaslanýan syýasatyndan uç alýandygyny aýdýar. Bu ýagdaý Wahhabileriň beýleki musulmanlary dinsiz hasap edip, olara garşy zorlukly hereketlere ýüz urmagyna getirýär.

Şaýylar we sünnüler

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama Saud Arabystanyndaky şaýylar bilen sünnüleriň arasyndaky dartgynlyklaryň fewral aýyndan bäri has güýçlenendigini aýdýar. Fewralda Saud Arabystanynyň Gündogar welaýatyndan gelen şaýy zyýaratçylary Medinedäki gonamçylykda sünni dini polisiýasy bilen çaknyşypdy. Şonda şaýy zyýaratçylary Muhammet pygamberiň ölen gününi bellejek bolupdylar, sünni polisiýasy bolsa, olaryň bu dessury ýerine ýetirmegine garşy çykypdy.

Çaknyşyk wagtynda howpsuzlyk güýçleri 15 ýaşly şaýy zyýaratçysynyň döşünden tüpeňlese, sünni erkekleriň biri şaýylara garşy şygarlary gygyryp, şaýy şyhynyň arkasyndan pyçak urupdy. Netijede, şaýy zyýaratçylary gonamçylykdan topbagy bilen gaçmaga mejbur bolupdylar. Saud polisiýasy olary kowalap, käbirini tussag edipdi.

Bu wakadan soň ýurduň Gündogar welaýatyndaky Katif we Safwa şäherleriniň şaýylary Medine çaknyşygy mahalynda tussag edilen ildeşlerini goldap, köçe protestlerini gurnadylar. “Human Rights Watch” saud häkimiýetleriniň muňa maý, iýun we iýul aýlarynda Hobardaky şaýylary eden-etdilikli tussag etmek bilen jogap berendigini aýdýar.

Hukuk toparynyň aýtmagyna görä, Gündogar welaýatynyň günortasyndaky Ahsa şäherinde şu ýylyň başyndan bäri öz dini ynanjy ýa işi üçin, ýagny aýallara Kurandan ders bermek we şaýy dabaralary üçin ýörite tikilen eşikleri satmak ýaly işleri edeni üçin azyndan 20 şaýy tussag edilipdir.

“Bu tussag etmeler beýleki ugurlara hem ýaýran kemsitmeleriň bir görnüşi. Biz bilim sistemasyndaky kemsitmä syn etdik. Ol ýerde şaýy klasda dinden sapak berip bilmeýär, onsoň şaýy çagalary öz sünni mugallymyndan özleriniň dinsizdigini eşidýärler. Bu adalat sistemasyna hem degişli, ol ýerde sünni sudýa käte şaýy şaýatlaryny olaryň dini esasynda inkär edýär, şaýylar adaty sudda sudýa bolup bilmeýär. Iş meselesini alsak, şaýylardan ministrler, uly diplomatlar ýa-da ýokary derejeli harby ofiserler ýok. Umuman, şaýy studentleri harby akademiýalara alynmaýar” diýip, Brodi aýdýar.

“Human Rights Watch” saud hökümeti şaýylaryň eden-etdilikli tussag edilmelerini derňemek üçin komissiýalary döretmeli we yzygiderli döwlet kemsitmelerini bes etmeli diýýär.
XS
SM
MD
LG