Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýurduň täze Goranmak ministri boýunça ABŞ-na çagyryş etdi


Ýekşenbe güni Eýranyň hökümeti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny ýurduň täze bellenen Goranmak ministri Ahmed Wahidi Eýranyň resmi ministri hökmünde kabul etmeklige çagyrdy.

Ahmed Wahid 1994-nji ýylda Argentinanyň Buenos Aýres şäherindäki ýewreý sinagogasynyň partlanmagy bilen baglanyşykly wakada aýyplanylýar. Argentinanyň häkimiýetleri bu terrorçylykly işde aýyplanylýan käbir beýleki adamlaryň hatarynda, Ahmed Wahidiň hem tussag edilmegini haýyş edip, Interpola ýüz tutupdylar.

Şol gürrüňi edilýän partlamada jemi 85 adam ölüpdi. Geçen hepde Ahmed Wahidiň Eýranyň Goranmak ministri wezipesine bellenmeginiň yzy bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Tähranyň daşary gatnaşyklarda yza tarap hereket edýändigini nygtapdy.

Öz gezeginde Eýranyň Daşary işler ministri Hassan Gaşgawi bu meselede Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Eýranyň halkynyň erk-islegine hormat goýmalydygyny öňe sürdi.


XS
SM
MD
LG