Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak rus kompaniýalaryny ýurtda maýa goýmaga çagyrdy


Yragyň premýer-ministri Orsýetli kompaniýalary Yrakda öz maýa goýumlaryny artdyrmaga çagyrdy. Ol bu pikrini Orsýetiň energiýa ministriniň Bagdada edýän saparynyň dowamynda öňe sürdi.

Nuri El-Maliki Yragyň Orsýet bilen taryhy aragatnaşygynyň bardygyny aýdyp, bu iki ýurduň özara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alada edýänligini mälim etdi.

Orsýetiň energiýa ministri Sergeý Şimatko bilen geçiren duşuşygy barada ýaýradylan beýanatda, Maliki iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy artdyrmak meselesinde nebit hem elektrik togy pudagyna yşarat edipdir.

Orsýetiň ITAR-TASS habar agentligi bolsa Şmatkowuň Yragyň elektrik togy pudagy boýunça ministri Karim Waheed bilen geçiren duşuşygynda ýaňgyç sektory bilen bagly mundan öň gelnen ylalaşyklary gaýtadan herekete geçirmek hem-de täze ylalaşyklara gol goýmak barada gürrüň edenligini habar berýär.
XS
SM
MD
LG