Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň saglyk programmasynyň çykdajysy $900 milliard bolar


Öten agşam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama täze göz öňünde tutulýan saglyk programmasynyň döwlet üçin 900 milliard dollar töweregi çykdaja durjakdygyny aýtdy.

Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, Barak Obama bu programmanyň möhümligini nygtap, onuň giň ilat köpçüligine mugt medisina kömegini almaklyga şert döretjekdigini belledi.

Statistiki maglumata görä, häzirki wagt amerikalylaryň 50 milliona golaýy medisina strahowaniýesinden peýdalanmaýarlar. Respublikan partiýanyň wekilleri medisina hyzmatynyň döwlet býujetiniň hasabyna ilat köpçüligi üçin mugt edilmegine garşy çykyş edýärler. Obamanyň demokratik partiýasynyň wekilleriniň arasynda bolsa bu mesele barada gapma-garşylykly garaýyşlar bar.
XS
SM
MD
LG