Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we alty döwlet Eýran bilen gepleşik geçirmek isleýär


Eýranyň Daşary işler ministri Manuçer Mottaki ýadro boýunça gepleşiklere gatnaşýan alty döwletiň wekilleri bilen duşuşýar, 9-njy sentýabr, 2009 ý.
Eýranyň Daşary işler ministri Manuçer Mottaki ýadro boýunça gepleşiklere gatnaşýan alty döwletiň wekilleri bilen duşuşýar, 9-njy sentýabr, 2009 ý.
Birleşen Ştatlar we onuň halkara hyzmatdaşlary basym Eýran bilen köptaraply gepleşikleri geçirmäge umyt baglaýarlar. Ýogsam bolmasa, Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Eýrandan gepleşikler babatda alnan teklibi «lapykeç ediji» diýip atlandyrypdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama iýul aýynda Eýranyň öz ýadro programmasy boýunça gepleşikleri kabul etmegi ýa-da berk sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin sentýabryň aýagyna çenli möhlet beripdi. Bu möhletiň, 20 döwletiň 24-25-nji sentýabrda geçjek sammitiniň golaýlap gelmegi bilen, Eýran geçen hepde gepleşikler üçin teklip hödürledi. Bu teklip jemgyýetçilige aýan edilmedi. Emma mälim bolan jikme-jiklikler onuň Eýranyň ýadro meselesinden hemmetaraplaýyn gaçalaklaýandygyny aňladýar.

Muňa derek ol teklipde Tähran şol sanda Birleşen Milletleriň reformasy we ýadro ýaragsyzlanyşygy temalarynda «hemmetaraplaýyn, her bir zady öz içine alýan we konstruktiw gepleşiklere» taýyn diýilýär. Bu teklipden soň Eýran bilen iş salyşýan dünýä güýçleri, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş hemişelik agzasy we Germaniýa öz lapykeçligini beýan etdiler. Olaryň araçysynyň, Ýewropa Birleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Hawiýer Solananyň sözçüsi penşenbe güni bu teklibiň esasy soraglary jogapsyz galdyrandygyny aýtdy. Bu ýerde geň galdyrýan zat, belki-de olaryň şundan soň hem Tähran bilen duşuşjak bolmaga razylaşmagydyr.

“5+1” topary

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň sözçüsi P. J. Krowliý bu barada şeýle diýýär: «5 hemişelik agza we +1 topary halkara jemgyýetçiliginiň Eýranyň ýadro programmasy baradaky aladalaryna jogap berjek bir mehanizmi tapmak üçin döredildi. Emma Eýranyň teklibi bu aladalara jogap bolup bilmeýär. Sebäbi ol ýadro meselesini öz içine almaýar. Hut şu sebäbe görä-de, bize öňräkden duşuşmak gerekdir öýdýäris».

Krowliý bu hili duşuşygyň maksadynyň «Eýranyň iş salyşmak meýlini synag etmekden» ybarat boljagyny hem sözüniň üstüne goşýar: «Biz Eýran bilen duşuşmak isleýäris. Biz Eýran bilen duşuşmak umydynda. Biz hususan-da ýadro meselesinde çynlakaý gürrüň edilenini görmek isleýäris. ”5 hemişelik agza +1 gepleşikleriniň” çäginde biz orta goýlan başga meselelere hem seretmek isleýäris. Ýöne, eger-de Eýran çynlakaý gürrüňden boýun gaçyrsa, biz, Birleşen Ştatlar, halkara jemgyýetçiligi we Howpsuzlyk geňeşi, mundan degişli netijeleri çykararys» diýip, Krowliý aýtdy.

Bu netijeleriň her dürli bolmagy mümkin. Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň urany baýlaşdyrmagy togtatmak baradaky talabyna boýun egmedik ýagdaýynda Tährana garşy has berk sanksiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini duýdurypdylar. Emma BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki hemişelik agzalary Orsýet bilen Hytaý täze sanksiýalar babatda sypjyk pozisiýa eýeleýär. Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin penşenbe güni bu meseledäki garşylygyny gaýtadan mälim etdi. Onuň pikirine görä, täze sanksiýalar «garaşylýan netijäni bermez».
XS
SM
MD
LG