Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-ukrain prezidentleri Lebapdaky köprüniň açylyşyna gatnaşdylar


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bilen Türkmenistana sapar edýän Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko Lebap welaýatynda birnäçe täze obýektleriň açylyş we düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdylar.

Hususan-da, iki ýurduň döwlet liderleri Lebap welaýatynyň günortasynda ukrainaly spesialistler tarapyndan Amyderýanyň üstünden guruljak awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş, şeýle hem şol ýerde ukrain gurluşykçylary tarapyndan täze gurlan demirýol köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar.

Demirýol köprüsiniň açylyş dabarasynda prezident Berdimuhammedow bilen prezident Ýuşenko ilkinjiler bolup ýörite poýezdde bu täze köprüni kesip geçdiler. Ondan soň iki döwletiň liderleri köprüniň açylan ýerinden uzak bolmadyk ýerde täze guruljak sement zawodynyň düýbuniň tutulyş dabarasyna hem gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG