Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen prezidentiniň «Memorial» guramasy boýunça şikaýatyna garalýar


Şu gün Orsýetiň paýtagty Moskwada Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň özüne bildirilen aýyplama garşy şikaýatyna garamak boýunça sud diňlenşigi başlandy.

Ramzan Kadyrow düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy «Memorial» guramasyny özüne şyltak atanlykda aýyplaýar.

Şu ýylyň 15-nji iýulynda «Memorial» guramasy üçin işleýän ynsan hukuklaryny goraýjy çeçenistanly Nataliýa Estemirowanyň janyna kast edilip öldürilmeginiň yzy bilen, «Memorial» guramasy bu jenaýatçylyk üçin prezident Kadyrowyň jogapkärdigini aýdyp, beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG