Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ehud Olmerte resmi sud prosessi başlandy


Şu gün Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ehud Olmerte korrupsiýa bilen baglanyşykly bildirilýän aýyplamalar boýunça resmi sud prosessi başlandy.
Şu gün suduň ilkinji diňlenişiginde eden çykyşynda Ehud Olmert özüniň günäsizdigini subut etjekdigini nygtady.

Ehud Olmerte bildirilýän jenaýat aýyplamalary onuň 2006-njy ýylda Ysraýylyň premýer-ministri bolmazyndan öňki ýyllardaky işleri bilen baglanyşykly. Hususan-da, ol şol ýyllarda şäher meri hem-de ýurduň senagat we söwda ministri wezipelerinde işläpdi.

Ehud Olmert özüne bildirilýän şu aýyplamalar sebäpli geçen ýylyň sentýabrynda özüniň premýer-ministrlik wezpesinden çekilýändigini resmi ýagdaýda yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG