Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýlylar bilen çaknyşykda tussag edilenler boşadyldy


Lebap welaýatynyň Samandepe diýen ýerinde türkmenistanly we hytaýly gurluşykçylaryň arasynda bolan çaknyşykda tussag edilenlerden soňky toparynyň hem tussaglykdan boşadylandyklary barada şu gün maglumat alyndy.

Ýatladyp geçsek, türkmen-hytaý gaz truboprowodynyň gurluşygynyň gidýän ýeri bolan Samandepede 12-nji sentýabrda türkmenistanly işçiler bilen hytaýly işçileriň arasynda çaknyşyk bolupdy. Ynamdar çeşmäniň bize beren maglumatyna görä, şol çaknyşygyň netijesinde 15 hytaýly keselhana düşüp, 200 töweregi türkmenistanly işçi hem tussag astyna alnypdyr.

Bu wakadan üç gün soň, saklanan adamlardan 170-siniň boşadylandygy barada maglumat alnypdy. Türkmenistandaky ynamdar çeşmeden gowşan soňky habara görә bolsa, galan 30 adam hem Hytaý tarapynyň haýyşy boýunça boşadylypdyr.

Türkmenistanly çeşme türkmenistanly işçilere tölenýän tölegiň azalmagynyň hem-de olara berilýän naharyň hiliniň ýaramazlaşmagynyň bu hüjüme sebäp bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG