Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanly resmi atylyp öldürildi


Moskwada Dagystanyň Hasawýurt etrabynyň baştutany Alymsultan Altahanow öldürildi. Onuň janpenasy ýaralanypdyr.

Öten agşam Altahanow hem onuň janpenasy köçede oka tutulypdyr.

Bu jenaýata gatnaşykda güman edilýän bir ýa-da iki adamyň saklanandygy barasynda maglumatlar gowuşýar.

Şol bir wagtyň özünde diven ýaly, Dagystanda respublikanyň jenaýat agtaryş gullugynyň başlygynyň orunbasary Alymsoltan Atuýew hem onuň ýegeni öldürildi.
Kanun goraýjy organlaryň maglumatyna görä, derňew şu iki adam öldürme wakasynyň arasynda baglanyşyk gözleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG