Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Owganystandaky resmisi wezipesinden boşadyldy


BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Munyň bu guramanyň Owganystandaky ýörite wekiliniň orunbasary Piter Gelbraýty wezipesinden boşadandygyny Pan Gi Munyň metbugat gullugy habar berip, BMG-nyň Owganystandaky missiýasynyň peýdasyna bu işiň edilendigini belledi.

Mundan öň Gelbraýt bilen Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaýyň arasyndaky konfliktler barada habarlar peýda bolupdy. Şol gapma-garşylyga ýakynda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylmagy baradaky köp sanly şikaýatlar sebäp boldy.

Habarlara görä, amerikan diplomaty ähli sesleriň ýaňadan sanalmalydygyny aýdypdyr. Saýlawlarda Hamyt Karzaýyň baş bäsdeşi doktor Abdulla: “Eger jenap Gelbraýtyň işden gitmegi haýsydyr bir tehniki meseleler bilen bagly bolsa, mende kommentariý ýok, eger galplyklary berk derňemek barada çykyş edeni üçin bolsa, onda men onuň owgan halkynyň pikirini aýan edendigini aýtmalydyryn” diýdi.

XS
SM
MD
LG