Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF: Global maliýe krizisi çaklanyşyndan çalt geçýär


Halkara Walýuta Fondy şu günki ýaýradan raportynda dünýä ýurtlarynyň global maliýe krizisinden ozalky garaşylyşyndan has çaltlyk bilen aýňalýandygyny aýdýar.

Halkara Walýuta Fondunyň bu raportyna görä, mundan ozal dünýä ykdysadyýeti 2010-njy ýylda 2.5 prosent öser diýlip garaşylan bolsa, häzirki görkezijiler geljek ýyl dünýäniň ykdysadyýetiniň ortaça 3.1 prosent ösjekdigini görkezýär.

Ýöne şeýle-de bolsa, Halkara Walýuta Fondy ösüşiň depgininiň haýal boljakdygyny we problemalaryň gaýtalanmak howpunyň hem bardygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG