Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan söweşinde ABŞ-nyň 8 esgeri öldürildi


Owganystanyň Nurystan welaýatynda Talyban tarapyndan goldanýan pitneçiler bilen bolan söweşde bir günüň dowamynda 8 amerikan esgeri öldürildi.

Birleşen Ştatlaryň harby sözçüsi pitneçileriň şenbe güni iki çykyş postuna hüjüm edendiklerini aýtdy.

Ol postlaryň birini amerikan esgerleri, beýlekisini bolsa owgan esgerleri goraýan eken.

Owgan esgerleriniň hem azyndan ikisi öldürilipdir. Welaýat häkimiýetleri bir güne çeken hüjümden soň 20 çemesi polisiýa işgäri bilen aragatnaşygy ýitirendiklerini, olaryň öli-diridigini bilmeýändiklerini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG