Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň premýeri Demirgazyk Koreýada gepleşik geçirdi


Hytaýyň premýeri Wen Jiabao düýn Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Il bilen gepleşik geçirdi.

Olaryň näme hakynda gürleşendigi barada bir söz hem aýdylmaýar. Ýöne Weniň sapary Demirgazyk Koreýanyň öz dawaly ýadro programmasy barada gepleşikleri gaýtadan başlamak isleginiň alamatlaryny syzdyran wagtyna gabat geldi.

Hytaý häzir doňup galan alty-döwlet ýadro dialogyna ýolbaşçylyk edýär. Bu dialoga Birleşen Ştatlar, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Orsýet hem girýär.
XS
SM
MD
LG