Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Eýranyň uran baýlaşdyrmak ylalaşygy jemlenmeli diýýär


Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň Eýran reaktory üçin uran baýlaşdyrmaga kömek etmegi baradaky plan entek jemlenmeli diýdi. Bu geçen hepde Tähran bilen dünýäniň alty döwletiniň arasynda gelnen synag ylalaşygynyň iň ýokary derejeli rus tassyknamasydyr.

Lawrow ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Halkara atom energiýasy gullugynyň gatnaşmagynda gelnen ylalaşygyň detallarynyň üstünde ekspertleriň işlemelidigini aýtdy.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylyk maksatlydygyny aýdýar we Tährandaky ylmy-barlag reaktoryna elektrik bermek üçin ýangyç gerekdigini öňe sürýär.

HAEG-nyň başlygy Muhammet ElBaradeý bolsa ekspertleriň 19-njy oktýabrda Wenada duşuşjagyny we Orsýetiň Eýranda işlenen uranyň bir bölegini alyp, ony baýlaşdyrmagy barada maslahat etjegini aýdýar.

Ol bu işe Eýranyň hem gatnaşjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG