Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerika Eýran bilen geçirilen gepleşiklere gowy baha berdi


Birleşen Ştatlaryň Goranmak we Döwlet Sekretarlary geçen hepde Waşington bilen Tähranyň arasynda geçirilen gepleşiklere çäkli derejede gazanylan üstünlik diýip baha berdiler.

Döwlet Sekretary Hillari Klinton CNN telekanalyna beren interwýusynda, Ženewada geçirilen gepleşikler gürrüňini etmäge deger. Sebäbi Eýran şol ýygnakda ýadro merkezleriniň hemmesinde barlaglar geçirilmegine, bu gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň şol aýyň ahyrlarynda amala aşyrylmagyna, şeýle-de az derejede baýlaşdyrylan uranynyň barlag geçirmek üçin daşary ýurtlara alnyp gidilmegine razylyk bildirdi diýdi.

“Bu 3 uly mesele barada aýdylanda, geçirilen bu gepleşikleriň gürrüňini etmäge mynasyp bir ýygnak bolanlygyny aýdyp bolar. prezidentiň we meniň hem aýdyşym ýaly, muňa uly bir ösüş diýip asla baha berip bolmaz. Bu ugurda edilmeli iş köp we biz has köpüräk zada garaşýarys” diýip Hilary Klinton aýtdy.

Ol aýratynam Eýran urany baýlaşdyrmagyny bes etmese, Birleşen Ştatlary bu ýurda garşy goşmaça sanksiýa girizilmegi barada edýän aladalaryny dowam etdirer diýdi.
XS
SM
MD
LG